Daşary ýurtlaryň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Gurban baýramy bilen gutladylar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna Mukaddes Gurban baýramy mynasybetli Gutlag Hatlary Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýan, Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa, Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah, Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbas ýolladylar.
Daşary ýurtlaryň Baştutanlary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa berk jan saglyk, abadançylyk, jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we ösüş arzuw etdiler. Şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky ähli derejede okgunly ösdürilýän hyzmatdaşlyk özara ynama, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýar hem-de bu gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalarymyz netijesinde halklarymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirildi.







