Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda yglan eden «Talyp joşguny — 2026» atly döredijilik festiwalynyň uniwersitet tapgyry geçirildi.
Ýokary okuw mekdebiniň talyplary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly bilen bagly edebi-sazly kompozisiýany ýerine ýetirdiler, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işlerini, ata Watanymyzy wasp edýän aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler.
Şeýle hem nebitgaz ulgamynyň geljekki hünärmenleri tarapyndan taryhda yz galdyran beýik şahsyýetlerimiziň keşbini çeper ussatlyk bilen janlandyrýan sahna oýunlary, degişme sahnasy taýýarlanyldy, halk döredijiliginiň eserlerinden parçalary çeper okamakda ussatlyk görkezildi.
Döredijilik festiwalynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar eziz Diýarymyzda ýaşlara ählitaraplaýyn goldaw berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.







