Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli resmi Gutlag iberdi.
Öz Gutlagynda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda paýtagtymyzy ösdürmegiň şähergurluşyk konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, ak mermerli Aşgabat dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin has oňaýly şäherleriniň birine öwrülýändigini belledi.
«Siziň baştutanlygyňyzda paýtagtymyzda amala aşyrylýan gurluşyklaryň, bina edilýän belent-belent ymaratlaryň binagärlik keşbi milli däp-dessurlar bilen häzirki zaman tehnologiýalarynyň täsin sazlaşygyny emele getirip, döwrüň galkyndyryjy ruhuny dabaralandyrýar. Täze taryhy döwürde merjen şäherimizi ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň baş maksady Aşgabady sebitiň we dünýäniň ýaşamak üçin iň oňaýly şäherleriniň birine öwürmekden, adamlaryň durmuşynyň hem-de zähmet çekmeginiň, dynç almagynyň ýokary ölçeglerini üpjün etmekden ybaratdyr. Jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adam hakynda aladanyň aýdyň nyşany bolan bu işler ýurdumyzyň her bir raýatynyň kalbynda egsilmez buýsanç duýgusyny döredýär» — diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gutlagynda ýazdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen paýtagtynyň halkara derejesinde ykrar edilmegini ýatlatdy: Aşgabat dünýäde ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna, «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna, ylym-bilimi ösdürmekde ýetilen sepgitler üçin bu guramanyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi. Şeýle hem türkmen paýtagtyna Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň yglan eden «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna gatnaşandygy üçin halkara güwänamasy berildi. Mundan başga-da, Aşgabat Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy tarapyndan «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Aşgabadyň sebitiň diplomatik merkezi hökmünde ornuny nygtady — şäherde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ştab-kwartirasy ýerleşýär.
Hatynyň soňunda Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we Döwlet Baştutanymyza janynyň sag, ömrüniň uzak, Aşgabat şäherini we eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerini nusgalyk derejede gülledip ösdürmek babatda alyp barýan işleriňiziň mundan beýläk hem rowaç bolmagyny arzuw etdi.







