GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdiler
25.05.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine ýurduň Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda bolup geçen gaz partlamasynyň köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdiler.

Döwlet Baştutanymyz we Gahryman Arkadagymyz şu kynçylykly pursatda Türkmenistanyň halkynyň, Hökümetiniň, Halk Maslahatynyň adyndan, şeýle hem hut öz atlaryndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdiler.