GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanda geçirilen birža söwdalarynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerine isleg artdy
25.05.2026

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «SN-350» we «SN-600» kysymly başlangyç ýaglaryny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Şeýle hem geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda birinji hilli arassalanan pagta ýagyny, çig ýüpegi we birinji hilli bugdaý ununy satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Daşarky bazarda Gyrgyzystanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Azerbaýjanyň işewür toparlarynyň wekillerine pagta süýümi we nah ýüplügi ýerlenildi.