Türkmenistanyň Prezidenti «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara sergisine we maslahatyna gatnaşyjylary olaryň paýtagtymyzda öz işine başlamagy bilen gutlady.
Hatda Döwlet Baştutanymyz «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda geçirilýän «Ak şäherim Aşgabat» atly XXV köpugurly halkara serginiň we maslahatyň ak mermerli paýtagtymyzyň innowasion häsiýetli şähergurluşyk-binagärlik, amatly şäher gurşawyny döretmek, ilata häzirki zaman sanly platformalary esasynda jemagat hyzmatlaryny hödürlemek babatda gazanan üstünliklerini, ýeten sepgitlerini dünýä ýaýjakdygyna berk ynam bildirdi. Köpugurly sergi we maslahat şähergurluşyk boýunça hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýän taraplar üçin möhüm işewürlik meýdançasyna öwrüler, şeýle hem gözel paýtagtymyzyň mundan beýläk-de ösdürilmegine, öňdebaryjy tejribeleriň giňden öwrenilmegine uly ýardam eder.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimihamedow milli binagärligiň iň gowy ýörelgeleri öňdebaryjy gurluşyk tejribesi bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp gurulýan dürli maksatly desgalar we binalar ýokary durmuş şertlerini üpjün etmek bilen bir hatarda, Aşgabadyň täze, döwrebap keşbini emele getirýändigini belledi. Şol desgalaryň birnäçesi dünýä binagärliginiň ajaýyp täsinligi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna hem girizildi.
«Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň şähergurluşyk babatda başyny başlan giň gerimli başlangyçlary netijesinde Aziýanyň merjeni hökmünde ykrar edilen ak mermerli Aşgabat häzirki döwürde dünýäniň iň owadan we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň birine öwrüldi» — diýip, Döwlet Baştutanymyz belledi.
Şeýle hem hatda paýtagtymyzyň ähli ulgamlarda gazanan ägirt uly üstünlikleri halkara giňişlikde hem giňden ykrar edilýändigi bellenildi. Dürli ýyllarda Aşgabat şäheri «Dizaýn» ugry boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) döredijilik şäherleriniň toruna, Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasynyň agzalygyna kabul edildi, şeýle hem GDA-nyň çäklerinde «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlip yglan edildi. Geçen ýyl ak mermerli paýtagtymyzyň ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizilmegi baş şäherimiziň iri ylym-bilim we medeni merkez hökmünde möhüm orun eýeleýändigini görkezen nobatdaky şanly waka boldy.
Paýtagtymyzy mundan beýläk-de çalt depginler bilen ösdürmek we hemmetaraplaýyn abadanlaşdyrmak babatda öňde möhüm wezipeler durýandigyny aýdyp, Döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň abadançylygyň hem-de gülläp ösüşiň nusgalyk merkezi hökmündäki abraýyny geljekde has-da pugtalandyrjakdygyna berk ynam bildirdi.







