Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi mynasybetli Gutlag iberdi.
«BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda biragyzdan tassyklanan «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnama 47 döwletiň awtordaşlygynda kabul edildi. Munuň özi Garaşsyz Watanymyza goýulýan uly hormat-sarpadan nyşan bolup, häzirki zaman şertlerinde Bitaraplygyň türkmen nusgasynyň wajyplygynyň has-da artýandygyny tassyklaýar. Täze Kararnamada dürli ýyllarda ýurdumyz tarapyndan öňe sürlen başlangyçlaryň, Diýarymyzda geçirilen halkara çäreleriň ähmiýetiniň ykrar edilmegi bizi örän buýsandyrýar», - diýip, Gahryman Arkadagymyz Hatynda ýazdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmen Bitaraplygynyň parahatçylygyň ýoly bolup, halkymyzyň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerinden ugur alýan düýpli taglymatydygyny belleýär. Täze kabul edilen Kararnama bolsa Watanymyzyň saýlap alan ýolunyň örän dogrudygyny ýene bir gezek aýdyň subut edýändigini nygtaýar.
Indi otuz ýyldan gowrak wagt bäri oňyn Bitaraplyk syýasatymyz ýurdumyzyň daşary syýasatynyň binýady, halkara giňişlikde alyp barýan işiniň ýolgörkezijisi bolup hyzmat edýändigini aýtmak bilen Türkmen halkynyň Milli Lideri Garaşsyzlyk ýyllarynda BMG-niň Baş Assambleýasynda Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul edilen ilkinji Kararnama hem türkmen Bitaraplygy bilen baglydygyny ýatlady.
«Aşgabat şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy, 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni hökmünde dünýä senenamasyna girizilmegi, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi möhüm ähmiýete eýedir.
2023-nji ýylyň «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly», 2021-nji we 2025-nji ýyllaryň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, «Türkmenistan — BMG» strategik maslahat beriş geňeşiniň alyp barýan işi, halkara gün tertibiniň möhüm meselelerine degişli Kararnamalaryň 30-dan gowragynyň kabul edilmegi ýurdumyzyň Milletler Bileleşiginiň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde belent abraýa eýedigini görkezýär. Biziň «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly şygarymyzdan gözbaş alýan başlangyçlarymyz durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, halklaryň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini berkitmäge gönükdirilendir», - diýip, Gutlagda aýdylýar.
Hatynyň soňunda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy BMG-niň Baş Assambleýasynda «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we Döwlet Baştutanymyza janynyň sag, ömrüňiz uzak, dünýä bileleşigi bilen parahatçylykly, dostlukly gatnaşyklary ösdürmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňiz mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdi.







