Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 22-nji maýda türkmen halkynyň milli baýramy bolan Gurban baýramyny 2026-njy ýylyň 27-28-29-njy maýynda bellemek hakynda Permana gol çekdi.
Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmelidigi tabşyryldy.
Resminama türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek maksady bilen kabul edildi.







