GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny özleşdirmek meselerine seredildi
23.05.2026

22-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Guwanç Agajanow Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny özleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny işjeň çekmek babatda döredilen hukuk, ykdysady şertler hem-de oňyn maýa goýum gurşawy esasynda iri daşary ýurt kompaniýalary bilen nebitgaz pudagynda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Hususan-da, Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny özleşdirmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar we möhüm ähmiýetli taslamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdr Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Hazar deňziniň türkmen bölegindäki nebitgaz ýataklarynyň özleşdirilmeginiň uglewodorod gorlaryny artdyrmaga, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge ýardam berýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işleri dowam etdirmek baradaky teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.