GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanda Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi
23.05.2026

22-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp düzmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we maýa goýum Maksatnamasynyň taslamalaryny öz wagtynda işläp düzmek maksady bilen, Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararynyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu taslamada Döwlet býujetini düzmek üçin ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, häkimlikler tarapyndan berilmäge degişli hasabatlary hem-de maglumatlary taýýarlamagyň tertibi we möhletleri anyk kesgitlenildi. Geljek ýylyň Döwlet býujeti, maliýe-ykdysady görkezijileri düzülende Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli maksatnamasyndan, hakyky mümkinçiliklerden, degişli hasaplama görkezijilerinden ugur almak göz öňünde tutulýar.

Geljek ýylda ýurdumyzyň makroykdysady ýagdaýyny, jemi içerki önümiň ösüş depginini, maliýe, pul-karz ulgamyny durnukly saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli ösdürmegi we giň gerimli özgertmeleri dowam etdirmek, maýa goýumlaryň esasy bölegini täze önümçiliklere gönükdirmek bilen, olaryň netijeliligini artdyrmak, pudaklara sanly ulgamy, täze tehnologiýalary ornaşdyrmagy dowam etdirmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda çäreleri durmuşa geçirmek maksat edinilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli resminamanyň taslamasyny hödürledi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bu işleri geljek ýylda hem dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň 2027-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda Karara gol çekdi we wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler, geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabatlar bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň beýleki orunbasarlary hem çykyş etdiler. Wise-premýerler Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararlaryň taslamalaryny hem hödürlediler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, wise-premýerler tarapyndan hödürlenen teklipleri makullady we olaryň durmuşa geçirilişi babatynda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra Arkadagly Gahryman Serdarymyz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 25-nji maýda Aşgabat şäheriniň gününiň hem-de uçurymlaryň «Soňky jaň» dabarasynyň giňden bellenip geçiljekdigini aýtdy. Şeýle hem Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda üç günläp, ýagny 27-28-29-njy maýda Gurban baýramynyň belleniljekdigini aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Gurban baýramyny bellemek hakynda Permana gol çekdi. «Gurbanlyk günlerinde beriljek sadakalar kabul bolsun!» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Aşgabat şäheriniň güni, «Soňky jaň» dabarasy, Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlise gatnaşyjylar hem Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy we Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy bu şanly seneler mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.