GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmen telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserninden başlangyç ýagyny satyn aldylar
23.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 22-nji maýda geçirilen birža söwdalarynda jemi 6 450 000 manada deň bolan bir geleşik baglaşyldy.

Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «SN-600» kysymly başlangyç ýagyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.