Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow Ýaponiýanyň Imperator maşgalasynyň agzasy Şagyzy Takamado bilen duşuşyk geçirdi.
Taraplar strategik taýdan möhüm ugurlarda, şol sanda «ýaşyl» energetikanyň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ilerletmekde ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmäge özara taýýarlyklaryny bildirdiler.
Türkmen diplomaty Şagyzy Takamado halkara dostluk gatnaşyklaryny berkitmäge, medeni dialogy giňeltmäge we ynsanperwer hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga goşan goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimihamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen özara hormat goýmaga, öňdebaryjy tehnologik ösüşe hem-de ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek baradaky bilelikdäki ymtylyşlara esaslanýan strategik we dostlukly gepleşikleri yzygiderli pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigi bellenildi.
Duşuşykda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2025-nji ýylda Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen geçiren iki sany duşuşyklarynyň taryhy ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Bu duşuşyklar ýokary derejedäki döwletara hyzmatdaşlygyna kuwwatly itergi berdi.







