GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Nurmyrat Saryhanowyň ýatlama agşamyna gatnaşdylar
22.05.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary tanymal türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygyna bagyşlanan edebiýat agşamyna gatnaşdylar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda geçirilen bu çärä ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlary hem gatnaşdylar.

Çykyş edenler ýazyjynyň ömri we döredijiligi hakyndaky maglumatlar bilen paýlaşdylar. Türkmen edebiýatynda aýratyn orun eýeleýän ýazyjynyň eserleri üns merkezinde boldy.

Edebiýat agşamyna gatnaşanlar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilikleriň döredilýändigini bellediler.