Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 21-nji maýda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda «SN-600» kysymly başlangyç ýagyny satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. Ony Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen geleşikleri baglaşmak bilen satyn aldylar.
Şeýle hem birža söwdalarynda içerki bazarda «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi bilen birinji hilli bugdaý unyny we Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi bilen birinji hilli arassalanan pagta ýagyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Birža söwdalarynda daşarky bazarda Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplügi ýerlenildi.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 79 980 000 manada we 1 344 200 ABŞ dollaryna deň bolan 10 geleşik baglaşyldy.







