Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky ilçisi Sapar Palwanow Ispaniýa Patyşalygynyň Ýewropa Bileleşiginiň ýanyndaky hemişelik wekili Markos Alonso Alonso bilen duşuşyk geçirdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki meselelerini, şeýle hem Ýewropa Bileleşiginiň institutlarynyň çägindäki hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Gepleşikler amaly hyzmatdaşlygyň gün tertibini anyk kesgitlemäge mümkinçilik berdi. Ulag we logistika, energetika, möhüm çig mal serişdeleri hem-de howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler bilelikdäki tagallalaryň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi.
Duşuşygyň gün tertibinde Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasynda geçen ýyl kabul edilen strategik hyzmatdaşlyk boýunça Konsepsiýasynyň amaly taýdan durmuşa geçirilmeginiň mehanizmleri baradaky mesele aýratyn orun eýeledi.
Duşuşykda türkmen diplomaty Brýusselde yzygiderli gepleşikler formatyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi. Bu Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlarynyň ilçileri bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň diplomatik wekilleriniň arasynda erkin pikir alyşmak üçin meýdança bolar. Bu format sebitara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça açyk pikir alyşmaga, şeýle hem iki sebitiň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmäge mümkinçilik berer. Bu başlangyç uly gyzyklanma bilen goldanyldy.







