GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistan Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekde energetika dialogyny öňe sürýär
19.05.2026

17-nji maýda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sebit Meýilleşdiriş Geňeşiniň 36-njy mejlisi geçirildi. Foruma Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşdy.

Çäre gibrid görnüşinde guralyp, ol Pakistan Yslam Respublikasynyň başlyklyk etmeginde 20-nji maýa çenli dowam eder.

Duşuşyk «Durnukly YHG üçin sebitleýin galkyndyrmak» şygary astynda geçdi. Forum gurama agza döwletleriň wekiliýet ýolbaşçylaryny Sebit Meýilleşdiriş Geňeşiniň 35-nji mejlisiniň kararlarynyň durmuşa geçirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem 2026-njy ýyl üçin Iş maksatnamasyny we Çäreleriň senenamasyny tassyklamak üçin bir ýere jemledi.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça ýurdumyzyň esasy garaýyşlaryny beýan etdi. Şunda ileri tutulýan ugurlar hökmünde ulag-logistika integrasiýasyny çuňlaşdyrmak; energetika dialogyny öňe sürmek; söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek; ynsanperwer gatnaşyklary berkitmek görkezildi. Aziýa we Ýewropa sebitlerini birleşdirýän üstaşyr geçelgeleriň möhüm halkasy hökmünde Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ähmiýeti aýratyn bellenildi.

Türkmenistanyň wekili energiýa üpjünçiliginiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň, ygtybarly we durnukly energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň, şeýle hem döwrebap energiýa netijeli tehnologiýalary we «ýaşyl» ösüş ýörelgelerini ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi.

Forumda Türkmenistanyň 2035-nji ýyla çenli ykdysady hyzmatdaşlygyň strategik maksatlarynyň üstünde alnyp barylýan işleri goldaýandygy beýan edilip, YHG-nyň işine mundan beýläk hem işjeň gatnaşmaga, bilelikdäki maksatnamalaryň we başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine netijeli goşant goşmaga, şeýle-de guramanyň halkara giňişlikdäki ornuny we abraýyny berkitmäge taýýardygy tassyklandy.