GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Aşgabatdaky dabaralar: Prezident Serdar Berdimuhamedow Konstitusiýa binasyna we Türkmenistanyň Baş baýdagyna gül goýdy
19.05.2026

18-nji maýda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna we ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirildi.

Konstitusiýa binasynyň ýanynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar, medeniýet işgärleri, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary ýygnandylar.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanandan soňra, Döwlet Baştutanymyz Konstitusiýa binasyna ajaýyp gül çemenini goýdy.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dabara gatnaşyjylaryň ählisi gül desselerini we çemenlerini goýýarlar.

Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Baş baýdak meýdançasynda dabaralar geçirildi. Bu ýerde dünýäde iň belent baýdak sütünleriniň biri ýerleşýär. 133 metr belentlikde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy buýsançly parlaýar.