GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Beýik Britaniýa sapary türkmen-britan hyzmatdaşlygyny berkitdi
18.05.2026

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Patyşa maşgalasynyň çakylygy boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna ugrady. Maslahat köşgünden Gahryman Arkadagymyzy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we onuň Diwanynyň jogapkär ýolbaşçylary ugratdylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi hem-de bu ýerden Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna ugrady. Birnäçe sagatdan soňra, Gahryman Arkadagymyzyň uçary Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna bardy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri saparyň çäginde ir bilen Birleşen Patyşalygyň Windzor galasyna bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy Windzor Patyşalyk atçylyk çykyşlarynyň guramaçylyk toparynyň ýolbaşçysy Edward Benýon we Windzoryň guramaçylyk işleri boýunça wekili Sara Ruterford-Jons mähirli garşyladylar.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Windzor galasynyň çäginde Onuň Alyjenaby, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III bilen duşuşdy. Karl III türkmen halkynyň Milli Liderini aýratyn hormat bilen garşylady. Şeýle hem ol Gahryman Arkadagymyz bilen duşuşýandygyna örän şatdygyny nygtady.

Karl III 2015-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň «Çanakkala» ýadygärlikler toplumynda geçirilen çärelerde türkmen halkynyň Milli Lideri bilen duşuşandygyny aýdyp, şol duşuşygyň özünde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrandygyny belledi. Şol duşuşykda ara alnyp maslahatlaşylan meseleler iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary bu günki gün has-da ýygjamlaşdyrýar. Ol Gahryman Arkadagymyzyň dünýäde uly abraý gazanan meşhur syýasatçy hökmünde tanalýandygyny aýdyp, halkara giňişlikde abraýly Lider bilen duşuşmagyň özi üçin hormatdygyny nygtady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Patyşa Karl III-ä Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň sazlaşykly ösdürilmeginde ýokary derejede geçirilýän duşuşyklara möhüm orun degişlidir.

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy, öz gezeginde, Gahryman Arkadagymyzdan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi. Şeýle hem ol döwlet Baştutanymyzyň 2023-nji ýylda Beýik Britaniýa amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny nygtady.

Karl III türkmeniň ahalteke bedewleriniň dünýäde meşhur atlar hasaplanýandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyzyň «At — myrat» diýen paýhasly sözlerinde çuňňur manynyň bardygyny belledi. Şeýle hem ol geljekde ahalteke atlarynyň üsti bilen iki ýurduň arasyndaky atçylyk hyzmatdaşlygyny berkitmäge uly gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Karl III indiki ýyl Beýik Britaniýada geçiriljek halkara atçylyk sport çärelerine behişdi ahalteke bedewleriniň hem gatnaşdyrylmagyna garaşylýandygyny aýtdy.

Birleşen Patyşalygyň Patyşasy şu günki çärä Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň gatnaşmagynyň britan halkyna goýulýan hormat hökmünde kabul edilýändigini belläp, munuň taryhy ähmiýetli wakadygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, Karl III gaznanyň wise-prezidentiniň türkmen halkynyň Milli Lideriniň ynsanperwer işlerini mynasyp dowam etdirýändigine ünsi çekdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hem-de Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy birek-birege hoşniýetli sözlerini aýdyp, iki ýurduň halklaryna abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdiler.

Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Lideri Edinburgyň Gersogy Şazada Edwardyň maşgalasy hanym Sofi Helen bilen gürrüňdeş boldy. Söhbetdeşlikde Sofi Helen Türkmenistanda atlara uly sarpa goýulýandygyny belläp, özüniň hem bedewlere söýgi bilen garaýandygyny beýan etdi. Ol Patyşa maşgalasynda atly sportuň nesilden-nesle geçirilip gelinýändigini, bu däbiň geljek nesillere ýetirilmegi ugrunda uly işleriň alnyp barylýandygyny buýsanç bilen aýtdy. Şazadanyň maşgalasy dünýäde atçylyk pudagyny ösdürmekde, oňa hemaýatkär bolmakda taryhy işleri bitirýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny bildirdi.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Onuň Alyjenaby, Edinburgyň Gersogy Şazada Edward bilen duşuşdy. Şazada Edward Gahryman Arkadagymyzy britan topragynda görýändigine şatdygyny aýtdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde mähirli kabul edilendigi üçin minnetdarlyk bildirip, Şazada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň iberen salamyny, hoşniýetli arzuwlaryny ýetirdi. Şazada Edward tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öz gezeginde, Gahryman Arkadagymyzdan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini haýyş etdi.

Duşuşykda Gahryman Arkadagymyz bu ýerde atçylyk bilen bagly çäreleriň ýokary derejede guralandygyny belläp, munuň üçin minnetdarlygyny beýan etdi. Atly sport çärelerine Türkmenistan bilen birlikde, 20 ýurtdan dürli atşynaslar atlary bilen gatnaşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu çäräniň gözbaşyny 1943-nji ýyldan alyp gaýdýandygyny, ony geçirmek başlangyjyny Şazadanyň ejesi, merhum Şa zenany Ýelizaweta II-niň öňe sürendigini we tassyklandygyny ýatlady. Gahryman Arkadagymyz 1944-nji ýylda at çapyşyklaryna Ýelizaweta II-niň hem gatnaşyp, birinji orny eýeländigini we onuň ýanýoldaşy, Edinburgyň Gersogy Filippiň bolsa atly sportuň beýleki görnüşinde ikinji orny eýeläp, adyny taryha ýazdyrandygyny aýtdy. Şol wagt Şa zenany Ýelizaweta 17-18 ýaşlarynda eken.

Bu sözleri Şazada Edward uly tolgunma bilen kabul edip, ýakymly ýatlamalar we goýýan hormaty üçin Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna öz adyndan hem-de Karl III-niň adyndan tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri duşuşykda 1956-njy ýylda ýurdumyzyň ussat atşynasy Babaly Taýmazowyň alyp gitmeginde Meleguş atly altynsow bedewiň Şa zenany Ýelizaweta II-ä sowgat berlendigine ünsi çekdi. Şonda aty görkezenlerinde, Ýelizaweta II oňa bir zadyň ýetmeýändigini aýdýar. Şol pursat ata eýerini, şaý-seplerini, beýleki esbaplary dakýarlar. Bu pursady synlan Şa zenany ýene-de bir zadyň ýetmeýändigini aýdanda, egnine gyrmyzy dony geýen, ak silkme telpekli ýigit ata atlanýar. Ýatdan çykmajak pursatlara nazary düşen Şa zenany: «Türkmenlerde at — ýigidi, ýigidem aty bezeýär» diýip, bu görnüşe haýran galypdyr. Gahryman Arkadagymyz şu wakany gürrüň berip, munuň şol döwürlerde-de behişdi bedewlerimiziň dünýä dolan şan-şöhratyndan habar berýändigini aýtdy.

Gepleşikleriň dowamynda Şazada Edward Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa bilen gürrüňdeş boldy. Oguljahan Atabaýewa behişdi bedewler arkaly, ippoterapiýanyň kömegi bilen ylmy esasda mümkinçiligi çäkli çagalarda bejeriş işleriniň geçirilýändigini aýtdy. Bedewleriň ynsan saglygyna edýän oňyn täsiri halkymyzyň köpýyllyk tejribesiniň aýdyň beýanydyr. Şazada Edward şeýle tejribä uly gyzyklanma bildirdi we geljekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz Beýik Britaniýanyň Patyşasy Karl III-ä, şeýle hem Şazada Edwarda, onuň maşgalasyna Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de halkymyzyň adyndan toý sowgatlaryny gowşurdy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Beýik Britaniýanyň Patyşasy we Şazadasy bilen bolan duşuşyklarda Patyşa maşgalasynyň agzalaryny şu ýyl ýurdumyzda giňden belleniljek Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna hem-de behişdi bedewlerimiz bilen bagly çärelere gatnaşmaga çagyrdy. Bu çakylyklar uly hormat bilen kabul edildi.

Şazada Edward Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçirilen gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň taryhyna täze sahypany ýazjakdygyny belledi we munuň üçin hoşallyk bildirdi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Windzor galasynyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan atly sport çykyşlaryna tomaşa etdi.

Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ahalteke bedewlerine bagyşlanan sergini hem synlady. Sergide dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen ahalteke atlarynyň gözelligini, olaryň reňkleriniň özboluşly aýratynlyklaryny, toý-tomaşalaryň bezegi bolan bedewleriň syn-sypatyny açyp görkezýän gymmatlyklar ýerleşdirilipdir. Bu ýerde «asman atlarynyň» gözelligini beýan edýän sungat eserleri sergä gelenlerde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Şöhratly pederlerimiziň, zehinli ussalaryň elinden çykan at esbaplary, bezeg şaý-sepleri ýerine ýetiriliş usullary babatda nusgalyk hasaplanýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Windzor galasynda Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Elçin Guliýew bilen duşuşdy. Ol Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize mähirli salamyny ýetirdi we dostlukly ýurduň döwlet Baştutanynyň ýörite sowgatlaryny gowşurdy. Gahryman Arkadagymyz minnetdarlygyny bildirip, Prezident Ilham Aliýewe hoşniýetli sözlerini beýan etdi.

Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Azerbaýjan Respublikasynyň atly ýigitleriniň görkezme çykyşlaryna tomaşa etdi.

Soňra Gahryman Arkadagymyz hemmeler bilen mähirli hoşlaşyp, Windzor galasyndan ugrady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyna saparyny tamamlap, Watanymyza ugrady. Birnäçe sagatdan soňra, Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu sapary Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň arasynda dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly mümkinçiliklerini kesgitlemekde täze gözýetimleri açdy.