Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda nebithimiýa önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «SN-350» we «SN-600» kysymly başlangyç ýaglaryny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Daşarky bazarda «Türkmenhimiýa» we «Türkmengaz» döwlet konsernleri bilen kükürtsizlendirilen dizel fraksiýasyny we suwuklandyrylan gazy satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. Olar Owganystanyň, Özbegistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewür toparlarynyň wekillerine ýerlenildi.
Şeýle hem geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda dokma önümleri, pagta ýagynyň çökündisiniň ýagly turşulygy, buýan köküniň gury ekstrakty, çig ýüpek, nah ýüplük, nah mata, birinji hilli arassalanan pagta ýagy we birinji hilli bugdaý uny satyn alyndy. Olary Gonkong Ýörite administratiw sebitiniň, Özbegistanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE), Türkiýe Respublikasynyň we Gyrgyzystanyň telekeçileri satyn aldylar.







