Türkmenistanda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň maddy-tehniki üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Bu barada 15-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer Guwanç Agajanow hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, korporasiýanyň nebitgaz gözleg ekspedisiýalary tarapyndan ýurdumyzyň günbatar sebitinde ýerleşýän känleriň we meýdançalaryň birnäçesinde nebitiň, tebigy gazyň gözlegine gönükdirilen gözleg-barlag guýularynda buraw işleri netijeli dowam etdirilýär. Şunda kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Bu işleri amala aşyrmakda şu ugurda işleýän daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanda nebitiň we tebigy gazyň gorlaryny ýüze çykarmak, gözleg-barlag guýularynyň buraw işlerini döwrebap ýerine ýetirmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň maddy-tehniki üpjünçiligini gowulandyrmak maksady bilen taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.







