Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen atşynaslarynyň Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen halkara atly sport we gözellik bäsleşiklerine gatnaşyp, ýokary derejeli baş baýraklaryň eýesi bolmagy mynasybetli Gutlag iberdi.
Döwlet Baştutanymyz bäsleşiklere dünýä medeniýetiniň bu ajaýyp gymmatlygynyň gadymy mekany Türkmenistandan ahalteke atlarynyň gatnaşmagyny hem ýatda galyjy, taryhy wakalaryň biri diýip atlandyrdy, şeýle hem halkara bäsleşigiň derejesini we ähmiýetini has-da artdyrandygyny belledi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň aýtmagyna görä, geçirilen çekeleşikli at çapyşyklarynda, gözellik bäsleşiginde türkmen halkynyň buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiz özleriniň ýyndamlygy hem-de gözelligi, çapyksuwarlarymyz bolsa ussatlygy bilen ýurdumyzyň şan-şöhratyny has-da belende galdyrdylar.
«Gündogaryň merjeni» ady bilen guralan halkara atly sport we gözellik bäsleşiklerinde türkmen atşynaslarynyň ýokary derejeli baş baýraklara mynasyp bolmagyna bagyşlanyp, Aşgabat şäherindäki «Daşkent» dynç alyş seýilgähinde, şeýle hem Daşkent şäherindäki «Aşgabat» seýilgähinde dabaraly çäreler guraldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow muňa türkmen-özbek dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalanýandygynyň subutnamasy hökmünde garady.
Türkmenistanyň Prezidenti asyrlarboýy hoşniýetli goňşuçylykda ýaşaýan türkmen we özbek halklary parahatçylyga, abadançylyga, dost-doganlyga berk ygrarly bolandyklaryny, hemişe birek-birege goldaw berendiklerini, ahalteke atlarynyň bolsa parahatçylygyň özboluşly ilçileri hökmünde çykyş edendiklerini nygtady.
Döwlet Baştutanymyz öz Gutlagynda Türkmenistanda atçylyk pudagyny ösdürmek boýynça alnyp barylýan ulgamlaýyn işleri hem belläp geçdi. Hususanda, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň, şeýle hem Arkadag şäherinde ýerleşýän Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň we Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň ähmiýetini belledi. Mundan başga-da Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamdedow «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň birnäçe gezek halkara sirk festiwallarynda baş baýraklara hem-de ýörite halkara baýraklara mynasyp bolandygyny ýatlatdy.







