GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi
16.05.2026

15-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa hereket edýän kanunlary döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzyň ministrliklerinden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowşan teklipleriň esasynda Türkmenistanyň Arbitraž iş ýörediş, Zähmet, Sanitariýa, Maşgala, Ýaşaýyş jaý kodekslerine, «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda», «Administratiw önümçilik hakynda», «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna degişli üýtgetmeleri girizmek boýunça işler geçirilýär.

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde Türkmenistanyň Prezidentiniň ynsanperwer döwlet syýasatyny, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň taryhy, syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetini wagyz-nesihat etmek, bu baýram mynasybetli «Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň hukuk ulgamyny ösdürmegiň esasy ugurlary: häzirki zaman kanunçylygynyň milli modeli» atly ylmy-amaly maslahaty geçirmäge taýýarlyk görmek, hereket edýän kanunçylyk namalarynyň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça degişli işleri alyp barýarlar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwrüň talabyna laýyk gelýän täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Soňra gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, geçiriljek çärlere görülýän taýýarlyk we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada Ministrler kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hasabat berdiler. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe teklipler hem hödürlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, hödürlenilen teklipleri makullady we olary durmuşa geçirmek boýunça degişli wise-premýerlere birnäçe tabşyryklar berdi.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, ýurdumyzda 18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň giňden bellenip geçiljekdigini, bu baýramçylygyň halkymyzyň jebisligini we agzybirligini has-da pugtalandyrýandygyny belledi. “Şoňa görä-de, Konstitusiýamyza ygrarly bolmak bilen, her bir raýatymyzyň durmuş-ykdysady bähbidini amala aşyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmek zerurdyr” diýip, Döwlet Baştutanymyz aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyz mejlise gatnaşyjylary we mähriban halkymyzy Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Mejlise gatnaşyjylar hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy we Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly sene mynasybetli tüýs ýürekden gutladylar.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.