Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapary tamamlandy.
14- nji maýda Gahryman Arkadagymyz Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Kazan halkara atçylyk sport toplumyna baryp gördi hem-de Kazan şäheriniň «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyna gatnaşdy.
Sport toplumynda türkmen halkynyň Milli Liderini Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, oba hojalyk we azyk ministri, Atçylyk we atçylyk sporty federasiýasynyň başlygy Marat Zýabbarow hem-de Kazan halkara atçylyk sport toplumynyň direktory mähirli garşyladylar. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow sport toplumynyň çäginde Tatarystanyň oba hojalyk önümlerine bagyşlanan sergini synladylar.
Sergide ýerli önümçilige degişli azyk önümleriniň dürli görnüşleri görkezilýär. Hünärmenler türkmen halkynyň Milli Lideri bu önümleriň aýratynlyklary bilen tanyşdyrdylar.
Gahryman Arkadagymyz we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bu ýerde atlara bagyşlanan sungat eserlerini synladylar. Bölümde Milli Liderimiziň «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitabynyň rus dilindäki nusgasyna aýratyn orun berlipdir.
Soňra bu ýerde hünärmenler türkmen halkynyň Milli Liderini Kazan halkara atçylyk sport toplumynyň aýratynlyklary we bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdyrdylar.
Gahryman Arkadagymyz hem-de Rustam Minnihanow soňra at çapyşyklaryna tomaşa etdiler. Oňa türkmen çapyksuwarlary hem gatnaşdylar.
Şeýlelikde, Kazan halkara atçylyk sport toplumynda geçirilen ilkinji at çapyşygynda ýurdumyzyň ussat çapyksuwary B.Agamyradow ynamly ýeňiş gazandy. Bu günki geçirilen at çapyşyklarynda türkmen çapyksuwarlary tatar atlarynda ýaryşa gatnaşdylar. Örän çekeleşikli we gyzgalaňly geçen at çapyşygynda ezber türgenlerimiz ussatlyklaryny, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň belleýşi ýaly, mertligini görkezip, baýrakly orunlary eýelediler. At çapyşygyndaky baýraklar ahalteke atlarynyň hormatyna goýuldy. Olary almak bolsa türkmen türgenlerine nesip etdi.
1 müň 800 metr aralyga geçirilen ýene bir çapyşykda ýurdumyzyň çapyksuwarlary ezberliklerini görkezdiler. Bu çapyşykda B.Berdimuhammedow pellehana birinji bolup gelmegi başardy.
Soňra ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri ýeňiji bolan ussat türkmen çapyksuwarlaryna kuboklary gowşuryp, olary gazanan ýeňşi bilen gutlady.
Ildeşlerimiz milli atşynaslygy ösdürmäge we öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge döredýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň abraýyny mundan beýläk-de belende galdyrmakda ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany çapyksuwarlaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdüler.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Kazan şäheriniň «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň maslahatyna gatnaşdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy maslahatda eden çykyşynyň başynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa we rus tarapyna «KazanForum — 2026» halkara çärelerine gatnaşmaga çakylyk, bildirilen myhmansöýerlik, netijeli işlemäge döredilen ajaýyp şertler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
“Halkara ykrarnama eýe bolan Kazan forumy her ýyl öz meýdançalarynda dünýäniň dürli ýurtlaryndan we halkara guramalardan ýokary derejeli wekiliýetleri jemläp, ugurlaryň giň gerimi boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin şertleri döredýär. Şu ýyl hem, ozal bolşy ýaly, Tatarystanyň paýtagtynda halkara ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe möhüm çäreler geçirilýär” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we şolaryň hatarynda Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ICESCO) Baş maslahatynyň 15-nji mejlisini aýratyn belledi. Türkmenistan bu duşuşygy durnukly ösüşi üpjün etmegiň, halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň we parahatçylyk medeniýetini ilerletmegiň möhüm şerti hökmünde ynsanperwer ulgamdaky köptaraplaýyn dialogy işjeňleşdirmek üçin amatly mümkinçilik hasaplaýar.
Häzirki zaman ählumumy özgerişler şertlerinde özboluşlylyk we däp bolan gymmatlyklar esasynda medeni köpdürlüligi gorap saklamak aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, halkara guramalaryň işi, olaryň durmuş ulgamynda döwletleriň tagallalaryny birleşdirmekdäki orny has-da möhümdir. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistan ICESCO-nyň giň we netijeli ynsanperwer hyzmatdaşlyga ýardam bermäge, yslam medeniýetiniň beýik siwilizasion binýadyny, onuň ynsanperwer gymmatlyklaryny gorap saklamaga we baýlaşdyrmaga, ylymda, bilimde, medeniýetde gazanylanlary goldamaga hem-de ilerletmäge gönükdirilen abraýly halkara gurama hökmündäki işine ýokary baha berýär. Ýaşlaryň intellektual mümkinçiliklerini ösdürmek, olary dünýä ýurtlarynyň baý taryhy-medeni mirasy bilen tanyşdyrmak ugrundaky işjeň, guramaçylykly hereketler şu günki günde örän ähmiýetli bolup durýar.
“Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň esasyny Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk ýörelgeleri düzýär. Bu bolsa parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Şeýle hem Bitaraplyk hukuk derejesi Türkmenistanyň bitewi we uzak möhletleýin medeni-ynsanperwer strategiýasyny amala aşyrmagyň esasy şertidir. Türkmenistan ynsanperwer häsiýetli esasy halkara konwensiýalara, şertnamalara goşuldy hem-de Milletler Bileleşigi bilen bilelikde olary milli we ählumumy derejede iş ýüzünde durmuşa geçirmek ugrunda tagalla edýär” diýip, Milli Liderimiz nygtady. Şu nukdaýnazardan, ÝUNESKO bilen ýakyn hyzmatdaşlykda ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda türkmen halkynyň taryhy-medeni we tebigy mirasyny gorap saklamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Netijede, şu güne çenli Türkmenistanyň çäginde 1 müň 500-den gowrak taryhy we medeni ýadygärlik hasaba alyndy. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň taryhy desgalarynyň, Nusaýyň Parfiýa galalarynyň dünýä siwilizasiýasynyň ajaýyp ýadygärlikleri hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi has-da ähmiýetli wakalardyr.
“Ýurdumyzda maddy däl medeni mirasy gorap saklamaga hem aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda olaryň köpüsi, şol sanda türkmen milli halyçylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi we dutarda saz çalmak hem-de bagşyçylyk sungaty, ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri, türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri ÝUNESKO-nyň degişli sanawlaryna girizildi. Şu günki günde biz Türkmenistanyň daşary syýasatynda medeni meseleleri işjeň öňe sürýäris, bilim, ylym, sungat we medeniýet ulgamlaryndaky möhüm meseleleri çözmäge gönükdirilen täze başlangyçlary taýýarlamak hem-de durmuşa geçirmek boýunça işleri alyp barýarys” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi. Milli Liderimiz şunda eýýäm kemala gelen we köptaraplaýyn özara hyzmatdaşlygyň netijeli görnüşleri hökmünde özüni görkezen taslamalaryň çäklerindäki bilelikdäki işimiziň oňyn tejribesiniň gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini artdyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýändigine ynanýandygyny aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz şolaryň hatarynda, ilkinji nobatda, «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» taslamasyny belläp, bu taslamanyň amala aşyrylmagynyň biziň ýurtlarymyzyň her birine öz halklarynyň köpasyrlyk medeni gazananlary, däp-dessurlary, ruhy we medeni gymmatlyklary bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berýändigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny Kazan şäherine 2026-njy ýylda «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» derejesiniň berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň ICESCO-nyň işine uly hormat bilen garaýandygyny we bu gurama bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi halkara ynsanperwer syýasatynyň möhüm ugry hasaplaýandygyny, ICESCO bilen özara gatnaşyklary giňeltmäge, guramanyň ugurdaş başlangyçlaryna gatnaşmaga, dürli ugurlar boýunça amaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.
“2026-njy ýylyň martynda Türkmenistanyň ICESCO-da ýurdumyza synçy derejesini bermek baradaky resmi hatynyň iberilmegi biziň üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Biziň tarapymyzdan bu möhüm halkara düzümiň işine goşulmaga Türkmenistanyň bilim, ylym, medeniýet ulgamlaryndaky halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähmiýetli tapgyr hökmünde garalýar. Munuň ýurdumyzyň maksatnamalara yzygiderli we köpugurly görnüşde gatnaşmagy, iň gowy tejribeleri alyşmagy, gurama agza döwletler bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmagy üçin täze goşmaça meýdançany döretjekdigine ynanýaryn” diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri mundan beýläk-de bilelikdäki iş üçin döredijilikli itergi we ugur berip biljek birnäçe anyk teklipleri beýan etdi.
Gahryman Arkadagymyz taryhy miras barada aýdyp, Türkmenistanyň yslam ýurtlarynyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamak we baýlaşdyrmak boýunça ICESCO-nyň uzak möhletleýin Strategiýasyny işläp taýýarlamaga girişmegi teklip edýändigine ünsi çekdi. Şunda diňe bir öwrenmäge we ylmy barlaglara däl-de, eýsem, edebi-publisistik eserleri, kinofilmleri döretmek, wirtual muzeýleri, galereýalary, beýleki giň elýeterli internet meýdançalaryny guramak arkaly yslam medeni mirasyny işjeň ilerletmäge ünsi jemlemek maksadalaýyk hasaplanýar.
Bilim we magaryf işi barada aýdylanda, Türkmenistan «Yslam şygryýet dialogy: paýhas we asyrlaryň baglanyşygy» atly giň gerimli maksatnamany durmuşa geçirmek baradaky başlangyjy öňe sürýär. “Biziň we dünýäniň beýleki ýurtlarynyň jemgyýetçiligini gadymy döwürlerden häzirki wagta çenli yslam şygryýetiniň hem-de filosofik mirasynyň iň gowy eserleri bilen giňden tanyşdyrmak taslamanyň maksady bolar. Liriki we şahyrana pikiriň beýany bolmagy yslam filosofiýasynyň taryhy aýratynlygydyr. Şonuň üçin ilkinji ädim hökmünde musulman dünýäsiniň görnükli şahyrlarynyň, akyldarlarynyň, filosoflarynyň, şeýle hem özüni yslama, yslam medeni koduna, dünýägaraýşyna degişli hasaplaýan awtorlaryň eserlerini öz içine aljak «Yslam şygryýetiniň bütindünýä antologiýasyny» döretmek barada oýlanmagy teklip edýäris” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri belledi.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň yslam dünýäsiniň «akylly» şäherler diplomatiýasy başlangyjyny öňe sürýändigini aýdyp, şunda gurama agza döwletlerde, şeýle hem Türkmenistanda «akylly» şäherleri döretmegiň döwlet syýasatynyň ugry hökmünde işjeň ösdürilýändiginden ugur alynýandygyny belledi. “Şu günki günde «akylly» şäher diýmek — bu intellektiň, döredijiligiň, binagärligiň, medeniýetiň, ylmyň, tehnologiýalaryň, estetikanyň we durmuş bilimleriniň utgaşmasydyr. Ýagny ICESCO-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň esasyny düzýän düşünjelerdir. Şol sebäpli hem hut şu guramanyň mejlisinde «akylly» şäherler diplomatiýasy arkaly yslam ýurtlarynyň arasynda ösüşiň bu geljegi uly ugrunda tejribeleri, bilimleri we meýilnamalary alyşmagyň hyzmatdaşlyk hem-de hünär gurallaryny ýola goýmagy ýerlikli hasaplaýarys” diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy çykyşynyň ahyrynda nygtady hem-de beýan edilen tekliplere we pikirlere düýpli serediljekdigine ynam bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň parahatçylyk we döredijilik, medeni köpdürlülik, durnukly ösüş ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklap, bilimiň, ylmyň, medeniýetiň döwletleri hem-de halklary birleşdirmäge ukyply ählumumy gymmatlyklardygyny nygtady. “Türkmenistan mundan beýläk-de siwilizasiýalaryň arasyndaky dialogy ösdürmäge, özara ynamy, düşünişmegi pugtalandyrmaga öz goşandyny goşmaga, döwletara gatnaşyklarda ynsanperwer taglymlary we gymmatlyklary ilerletmäge işjeň gatnaşmaga taýýardyr” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri sözüni jemledi we ICESCO-nyň Baş maslahatynyň 15-nji mejlisiniň netijeleriniň bu maksatlara ýetmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Maslahata gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň beýan eden teklipleriniň ähmiýetini belläp, olary doly goldadylar.
13-nji maýda Kazanda açylan ICESCO-nyň Baş maslahatynyň 15-nji mejlisinde ýurdumyza Yslam dünýäsiniň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynda synçy derejesi berildi. Agzalan guramanyň ýolbaşçysy Salim Al Maligiň çykyşynda 2028-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabady «Yslam dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek baradaky meselä häzirden seredilýändigi we bu boýunça degişli işleriň geçirilip başlanandygy barada aýtmagy möhüm ähmiýete eýedir.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilelikde Kazan şäheriniň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menziline geldiler. türkmen halkynyň Milli Lideri bildirilen myhmansöýerlik üçin Tatarystanyň Baştutanyna ýene-de bir gezek minnetdarlygyny beýan etdi hem-de onuň bilen hoşlaşyp, Watanymyza ugrady.
Birnäçe sagatdan Gahryman Arkadagymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary garşyladylar.
Şeýlelikde, türkmen halkynyň Milli Lideriniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna amala aşyran bu sapary Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen gatnaşyklary pugtalandyrmagyň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugry bolmagynda galýandygyny tassyklap, ykdysady we medeni dialogy giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açdy.
«KazanForum — 2026» forumynyň çäklerinde Kazan şäherinde «Russiýa — Yslam dünýäsi: hyzmatdaşlyk EXPO» sergisi geçirilýär. Oňa Türkmenistan hem öz milli pawilýony bilen gatnaşýar.
Ýurdumyzyň milli pawilýony ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, hususy pudakda gazanylýan üstünlikler bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär. Hususan-da, bu ýerde nebitgaz, himiýa, azyk, dokma senagatynyň önümleri, gurluşyk serişdeleri görkezilýär. Şunuň bilen bir hatarda, pawilýonda ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa, saglygy goraýyş, syýahatçylyk ýaly ulgamlarda gazanýan üstünlikleri şöhlelendirilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda elektron senagat yzygiderli ösdürilýär. Sergide bu ulgamyň gazananlary elektron enjamlaryň dürli görnüşleri arkaly giňden beýan edilýär. Türkmenistanyň pawilýonynda meşhur türkmen halylary, ajaýyp şaý-sepler hem bar. Zehinli türkmen halyçylarynyň, zergärleriniň döreden bu eserleri gözelligi, inçeligi bilen tutuş dünýäde meşhurdyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabyna sergide möhüm orun berlipdir. Dünýäniň dürli dillerine terjime edilen bu eser ähmiýetli gollanma hökmünde ykrar edilendir.
Sergä gatnaşyjylar Türkmenistanyň sergi bölüminiň guramaçylyk derejesine ýokary baha berdiler. Bu iri gözden geçiriliş ýurdumyzyň gazanýan üstünliklerini görkezýär hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Kazan forumynyň çäginde guralýan «Musulman dünýäsiniň zenanlarynyň milli geýimleriniň modasy» festiwalynda ýurdumyzyň milli lybaslary görkezildi. Türkmen milli lybaslarynyň aýratynlyklary we köpöwüşginliligi bu ýere gelenlerde uly täsir galdyrdy. Türkmen modelýerleriniň Kazanda geçirilen bu abraýly festiwala gatnaşmagy milli däp-dessurlarymyzyň, baý medeni mirasymyzyň döwrebap äheňler bilen sazlaşykly utgaşygyny görkezmäge mümkinçilik berdi.







