GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Aşgabatda halkara hukugynyň ähliumumy parahatçylygy berkitmekdäki ornuny ara alyp maslahatlaşdylar
13.05.2026

12-nji maýda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde «Türkmenistan we halkara hukugy: bitaraplyk tejribesi we hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Foruma Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, halkara hukugy ulgamynda meşhur daşary ýurtly alymlar we bilermenler, şeýle hem ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Konferensiýada çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň belent münberinden öňe süren 2028-nji ýyly «Halkara hukugy ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň häzirki zamanyň ählumumy howpsuzlyk binýadynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga hem-de döwletara gatnaşyklarynda BMG-niň Tertipnamasynyň ileri tutulmagyny üpjün etmäge gönükdirilendigi bellediler.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Türkmenistanyň halkara hukugynyň hökmürowanlygyna yzygiderli goldamak, köptaraplylyk ýörelgelerini, parahatçylykly dialogy we öňüni alyş diplomatiýasyny ilerletmek ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini nygtady.

Şeýlelikde, 2028-nji ýylyň «Halkara hukugynyň ýyly» diýip yglan edilmeginiň döwletara gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny berkitmek boýunça tagallalary birleşdirmekde möhüm tapgyr boljakdygyny bellediler.