GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti: «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly sergi oba hojalyk toplumynda hyzmatdaşlygy berkider
12.05.2026

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu gün türkmen paýtagtynda açylan «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara sergä gatnaşyjylara Gutlag iberdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu halkara sergi oba hojalygynda, azyk senagatynda we gaýtadan işleýän pudaklarda öňdebaryjy ylmy başlangyçlar, senagat işläp taýýarlamalary, täzeçil usullar babatda netijeli çözgütler bilen ýakyndan tanyşmak hem-de tejribe alyşmak üçin oňyn mümkinçilik bolup hyzmat eder. Sergide sazlaşykly ösüşi, uzak möhletleýin esasda ýola goýulýan gatnaşyklary giňeltmek babatda amatly şertler dörediler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet tarapyndan goldaw berlip, üstünlikli durmuşa geçirilýän iri maýa goýum taslamalaryna ýokary tehnologiýalary, innowasion başlangyçlary ornaşdyrmakda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň türkmen bazaryndaky ornuny pugtalandyrmakda şu gün öz işine başlaýan halkara serginiň uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi.

"Häzirki döwürde hususy önüm öndürijiler döwlet goldawyndan peýdalanyp, oba hojalygynyň dürli ugurlarynda ýokary netijeleri gazanýarlar. Ekerançylykda, maldarçylykda, guşçulyk toplumlaryny, ýyladyşhana hojalyklaryny ösdürmekde, eti we süýdi gaýtadan işlemekde, süýji-köke önümlerini, miwe şirelerini, ter we gaýtadan işlenen gök-bakja önümlerini öndürmekde uly üstünliklere eýe bolýarlar. Türkmen telekeçileri öz öndürýän ýokary hilli, ekologik taýdan arassa önümleri bilen içerki bazaryň azyk bolçulygyny ýokarlandyrmakda uly işleri amala aşyrýarlar hem-de eksport mümkinçiliklerini artdyrmak arkaly dünýä bazarlarynda ornuny barha berkidýärler", - diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gutlagynda nygtady we «Agro Pack Turkmenistan — 2026» atly halkara serginiň hem bu ugurdaky başlangyçlary, öňde durýan möhüm wezipeleri amala aşyrmakda dünýä ýurtlary bilen öňdebaryjy tejribeleri alyşmakda netijeli çäre bolup hyzmat etjekdigine hem-de gatnaşyklaryň täze ugurlarynyň ösdürilmegine itergi berjekdigine berk ynanýandygyny aýtdy.