11-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Häkimler welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Şunuň bilen bir hatarda, tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak we talabalaýyk saklamak üçin taýýarlyk işleri geçirilýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak, kadaly gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýazlyk ekinlere ideg işleri alnyp barylýar. Maldarçylyk hojalyklarynda dowarlardan owlak-guzy we düýelerden köşek almak möwsümi guramaçylykly dowam edýär. Pile möwsüminiň çäklerinde häzirki wagtda kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Şeýle hem häkimler Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabatlary diňläp, welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlaryndaky möwsümleýin işlerde, hususan-da, gowaça we bugdaýa ideg işlerinde agrotehniki kadalaryň berjaý edilmeginiň, galla oragy möwsümine talabalaýyk taýýarlyk görmegiň möhümdigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, welaýatlarda şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewe söz berildi. Wise-premýer Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemaýat-goldawlary, döredýän giň mümkinçilikleri netijesinde şu ýylyň 9-10-njy maýynda Özbegistanyň Daşkent şäherinde «Gündogaryň merjeni» ady bilen geçirilen atly sport we gözellik bäsleşiklerinde ýurdumyzyň atşynaslarynyň behişdi ahalteke bedewleri bilen üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolmaklary mynasybetli döwlet Baştutanymyzy tüýs ýürekden gutlap, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Soňra wise-premýer ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi we gowaça hem-de bugdaý ekilen meýdanlarda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, galla oragy möwsümine guramaçylykly taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi wise-premýere tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ähmiýetini ýene-de bir gezek belledi we pile öndürmek, dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsümini guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.







