GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Geçen hepde birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy
11.05.2026

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Içerki bazarda Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «SN-600» kysymly başlangyç ýagyny, biaksial-iki okly-ugrukdyrylan polipropilen örtüginiň esasyny we metallizirlenen polipropilen örtügini satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Daşarky bazarda Gruziýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «SN-180» kysymly başlangyç ýagyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.

Şeýle hem geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda birinji hilli bugdaý ununy, portlandsementi we nah ýüplügini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. Olar Türkiýe Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) we Şweýsariýanyň telekeçileri tarapyndan satyn alyndy.

Dokma önümleri we pagta süýümi içerki we daşarky bazarlarda ýerlenildi.