Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 8-nji maýda Balkan welaýatyna iş sapary bilen gelip, Türkmenbaşy şäherindäki «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda täze gurlan «Gadamly» gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasyna gatnaşdy.
Medeniýet we sungat ussatlarynyň çykyşlary bu ýerde guralan dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.
Soňra bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti täze gurlan gury ýük gämisini ýüzüşe goýbermek dabarasy mynasybetli çykyş etdi.
Çykyşda bellenilişi ýaly, «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlan «Gadamly» gämisi gury ýükleri daşamaga niýetlenip, onuň ýük göterijiligi 6 müň 100 tonna deň. Häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen bu gäminiň her biri 20 tonnalyk 240 sany ýük konteýnerini daşamaga ukyplydyr. Gämigurluşyk taslamasyny amala aşyrmakda türkmen hünärmenleri koreýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde netijeli iş alyp bardylar.
«Koreýaly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde ýerli hünärmenlerimiz tarapyndan şu ýylyň dowamynda ýük gämileriniň ýene biri — «Menzil» ýük gämisi hem ulanmaga berler. Ýurdumyzda ýük gämileriniň ulanmaga berilmegi milli deňiz-söwda flotunyň mümkinçiliklerini has-da giňeltmäge ýardam berer. Şeýle hem munuň özi Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen ugradylýan, ýurdumyza getirilýän we üstaşyr geçirilýän ýükleriň möçberini artdyrar. Şunuň bilen baglylykda, Hazarýaka döwletlere öz ýüzüşlerini amala aşyrjak bu gämileriň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösmegine mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn» diýip, hormatly Prezidentimiz çykyşynda nygtady.
Dabarada täze gurlan gämi üçin halkara güwänamalar gowşuryldy.
Bu ýerde «Gadamly» gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmeginiň hormatyna toý sadakasy hem berildi.







