Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy üçin täze «Kenar» sorujy bekedini we deňiz suwuny süýjediji desgany gurmak hakynda Karara gol çekdi.
Resminama laýyklykda, «Türkmennebit» döwlet konsernine Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde täze «Kenar» sorujy bekediniň we öndürijiligi bir gije-gündizde 15 müň kub metr bolan deňiz suwuny süýjediji desganyň taslamasyny düzmek we olary gurmak barada «Nur Mimar» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglaşmaga ygtyýar berildi.
Karara laýyklykda, gurluşyk işlerine 2026-njy ýylyň iýun aýynda başlamak hem-de bekedi we desgany 2029-njy ýylyň iýun aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.
Resminama Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nebiti gaýtadan işleýän kärhanalaryň önümçilik desgalarynyň arassalanan suw üpjünçiligini has-da gowulandyrmak, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen döwrebap desgalary gurmagy dowam etdirmek maksady bilen kabul edildi.







