8-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzy, şol sanda Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipelerine seredildi, şeýle hem käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, Mejlisde döredilen iş toparlarynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň düzgünlerinden we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalardan ugur alyp, gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy, döwletimiziň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk taýdan goldamak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş we Gümrük kodekslerine döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam edýär.
Ýurdumyzda abraýly halkara guramalar, daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen ýola goýlan gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Mejlisiň deputatlary Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň ýurdumyzyň degişli döwlet edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlaryna gatnaşdylar. Şeýle hem Mejlisiň deputatlary ýurdumyzyň ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, syýasy partiýalary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen ýakyndan gyzyklanýarlar, welaýat, etrap we şäher häkimliklerinde raýatlaryň ýüztutmalaryna garamak boýunça geçirilýän kabul edişlige gatnaşýarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow täze kanun taslamalaryny işläp taýýarlamak we döwrebaplaşdyrmak işlerini yzygiderli alyp barmagyň, bu ugurdaky işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Soňra gözegçilik edýän ulgamlarynda Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hasabat berdiler. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararlaryň taslamalary hem hödürlenildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradowa söz berildi. Ol welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri dowam edýär. Bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem galla oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde däne ýygýan kombaýnlary, bugdaý daşajak awtoulaglary, galla kabul ediş nokatlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Welaýatda pile öndürmek möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, pileçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçuklaryna ideg etmek işleri dowam edýär.
Ilaty ýurdumyzda öndürilýän önümler bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek boýunça häzirki wagtda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ekilen meýdanlarynda ideg işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalary öz wagtynda ulanmaga bermek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň we maýa goýum taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmegiň, welaýatyň ýaşaýjylarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz häkime ilatyň arassa agyz suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz, ýaşaýyş jaýlary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak boýunça netijeli işleri alyp barmagy tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.







