GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Birža söwdalarynda içerki bazarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy
09.05.2026

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 8-nji maýda geçirilen birža söwdalarynda içerki bazarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen biaksial-iki okly-ugrukdyrylan polipropilen örtüginiň esasyny (BUPÖ) we metallizirlenen polipropilen örtügini satyn almak barada geleşikleri baglaşdylar.
Daşarky bazarda Türkiýe Respublikasynyň telekeçileri türkmen işewürlerinden nah ýüplügini satyn almak boýunça geleşikler baglaşdylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 685 586,70 manada we 227 900,00 ABŞ dollaryna deň bolan 3 geleşik baglaşyldy.