Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň Daşky gurşaw boýunça komitetiniň başlygy, Ýapon-Türkmen Parlamentara dostluk toparynyň agzasy Takuma Miýaji bilen duşuşdy.
Taraplar parlamentara diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini giňeltmek, hususan-da, syýasy partiýalaryň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykarmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ugurda Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen Ýaponiýanyň Liberal Demokratik partiýasynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmagyň ähmiýeti bellenilip geçildi. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda daşky gurşawy goramak, oba hojalygy we atçylyk pudagy ýaly özara bähbitli ugurlarda amaly hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça pikir alyşyldy.







