Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş güni mynasybetli 7-nji maýynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Beýik Ýeňşiň gahrymanlarynyň edermenligi-nesilleriň buýsanjy» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Maslahatyň umumy mejlisinde çykyş edenler 1941-1945-nji pajygaly ýyllarda söweşip gahrymanlyk görkezen merdana şahslar, parahatçylyk üçin, watan üçin, ýeňiş üçin birnäçe gyzyl şaý seplerini, el işlerini fronta ýollan türkmen zenanlaryň edermenligi, şeýle hem Beýik Ýeňşiň nähili gazanylandygy barada gürrüň berdiler.
Ylmy-amaly maslahat öz işini umumy mejlisden soňra 8 sany bölümçelerde dowam etdirdi. Maslahat işjeň ýagdaýda geçip, çykyş edenler bilen diňleýjileriň arasynda sorag-jogaplar we gyzykly pikir alyşmalar boldy.
Ylmy-maslahata gatnaşyjylar dünýäň parahatçylygyny pugtalandyrmak baradaky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlarynyň elmydama rowaç bolmagyny, janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.







