GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň wodorod gazyny arassalaýan we konsentrasiýany ýokarlandyrýan toplumyny gurmak göz öňünde tutulýar
07.05.2026

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň wodorod gazyny arassalaýan we konsentrasiýany ýokarlandyrýan toplumyny gurmak göz öňünde tutulýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Desganyň gurluşygy «Türkmenistany 2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan.

Şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň kuwwatlylygy bir gije-gündizde 145 müň 920 kub metr suwa deň bolan suw üpjünçilik we kanalizasiýa sehiniň howdandan suw alýan sorujylar bekediniň gurluşygy dowam etdiriler.