GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistan Leýpsigde Halkara ulag forumynyň sammitine gatnaşýar
07.05.2026

Türkmenistanyň wekiliýeti Germaniýanyň Leýpsig şäherinde geçirilýän Halkara ulag forumynyň (ITF) her ýylky sammitine gatnaşýar. Forum Azerbaýjanyň başlyklyk etmeginde «Durnukly ulagy maliýeleşdirmek» şygar astynda geçirilýär.

Türkmen wekiliýetine «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň başlygynyň orunbasary Süleýman Durdyýew ýolbaşçylyk edýär. Şeýle hem wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we Demir ýol ulaglary ministrliginiň wekilleri girdi.

Forum Halkara ulag forumynyň agza 69 döwletiň ulag ministrlerini, öňdebaryjy pudaklaýyn kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny, akademik jemgyýetçiligiň we halkara guramalaryň wekillerini ýygnady. Onuň üns merkezinde maýa goýumlary çekmegiň ýollaryny we barha artýan töwekgelçilikleriň — howanyň üýtgemegi, aşa tebigy hadysalar, pandemiýalar, kiberhüjümler we geosyýasy durnuksyzlyk şertlerinde ulag ulgamlarynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilen maliýeleşdirme strategiýalaryny işläp düzmegi ara alyp maslahatlaşmakdyr dur.

Türkmenistatnyň şeýle abraýly halkara forumyna gatnaşmagy ýurduň giň gerimli ulag başlangyçlaryny durmuşa geçirmek boýunça alyp barýan maksadaokgunly işleriniň kanunalaýyk dowamydyr.

Türkmenistan pudagy sanlylaşdyrmagyň, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň we daşky gurşawa zyýansyz ulag görnüşlerini ösdürmegiň tarapdary bolup çykyş edýär, bu bolsa durnukly ösüşiň ählumumy maksatlaryna doly gabat gelýär.

Forum öz işini 8-nji maýda tamamlar.