GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi
07.05.2026

6-njy maýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň dört aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi. Şeýle hem Garaşsyz döwletimizde howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmäge, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmäge, işini has-da kämilleşdirmäge degişli meseleleriň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Watan goragçylarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, hünär derejesini ýokarlandyrmak maksady bilen alnyp barylýan işler barada aýdyldy. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary gullukdan boşatmagyň we harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň barşy barada hasabat berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz 9-njy maýda Ýeňiş güni mynasybetli göz öňünde tutulan çäreleriň ýokary guramaçylykda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary hasabat berdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna ýüzlenip, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, ýurdumyzyň goranmak ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.