GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Birža söwdalarynda daşarky bazarda başlangyç ýagyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşyldy
07.05.2026

Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda 6-njy maýda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Gruziýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «SN-180» kysymly başlangyç ýagyny satyn almak almak boýunça geleşikler baglaşyldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynda 6-njy maýda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda pagta süýümi ýerlenildi.

Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 3 316 950,00 ABŞ dollaryna deň bolan 5 geleşik baglaşyldy.