Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Merkezi binasynda 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda pudagyň işiniň netijelerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.
Mejlisde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 1-nji maýda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde beren tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, şeýle hem ýurduň energetika kuwwatyny mundan beýläk kämilleşdirmek boýunça anyk gurallar ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Guwanç Agajanow çäräni açdy. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň nebitgaz pudagynyň işgärlerine uly ynam bildirýändigini we toplumyň kämilleşdirilmegi hem-de durnukly ösüşi üçin ähli zerur şertleri döredýändigini nygtady.
Wise-premýer Guwanç Agajanow önümçilik meýilnamalarynyň we ösüş maksatnamalarynyň bökdençsiz ýerine ýetirilmeginiň, şeýle hem möwsümleýin howa şertlerini göz öňünde tutup, işleriň netijeli guralmagynyň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi. Şeýle hem pudaga degişli sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlygyň ýokary derejede üpjün edilmeginiň zerurdygy aýratyn bellenildi.
Ýygnagyň dowamynda nebitgaz toplumyna girýän düzümleriň ýolbaşçylary çykyş etdiler. Olar nebiti we tebigy gazy çykarmak, şol sanda täze ýataklary gözlemek we özleşdirmek, olaryň eksport möçberlerini artdyrmak hem-de önümçilik kuwwatlyklaryň bökdençsiz işlemegini üpjün etmek ugrunda görülýän çäreler barada hasabat berdiler. Şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşmagynda amala aşyrylýan iri taslamalar, nebitgaz pudagyna sanly tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagy baradaky maglumatlar aýdyldy.
Ýygnagyň dowamynda «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, «Arkadagyň ak ýoly» diýlip atlandyrylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistanyň gaz geçirijisiniň Serhetabat–Hyrat esasy böleginiň gurluşygyny döwrüň talaplaryna laýyklykda alyp barmak meselelerine aýratyn üns berildi.
Mejlisiň ahyrynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary «Türkmennebit», «Türkmengaz» döwlet konsernleriniň hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňünde wajyp wezipeleri kesgitledi hem-de pudagyň işgärlerine nebitgaz senagatyny ösdürmekde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňde goýan wezipelerini netijeli çözmekde zähmet üstünliklerini arzuw etdi.







