Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti
Ermenistanyň paýtagty Ýerewan şäherinde geçirilýän «Yerevan dialogue 2026» atly wekilçilikli halkara forumyna gatnaşýar.
Türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy öz çykyşynda Türkmenistanyň giň gerimli ulgamlary döwrebaplaşdyrmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we zyýanly gazlaryň çykarylyşyny yzygiderli azaltmak arkaly energetika pudagynyň binýadyny işjeň berkidýändigini belledi. Şunda ýurduň ykdysady durnuklylygyny we durmuş abadançylygyny saklamak bilen, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň tapgyrlaýyn giňeldilmegine aýratyn üns berildi.
Ahmet Gurbanow esasy ileri tutulýan ugurlar hökmünde ilatyň bökdençsiz energiýa üpjünçiliginiň kepillendirilmegini, täze hünärmenleriň taýýarlanmagyny hem-de çekilen maýa goýumlaryň artykmaçlyklaryna ähli jemgyýetleriň deň elýeterliligini üpjün etmegi görkezdi.
Şol bir wagtda milli meýilnamalaryň durmuşa geçirilmeginde, hususan-da Birleşen Milletler Guramasy we halkara maliýe institutlary ýaly abraýly hyzmatdaşlar bilen netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.
Forumyň işi dowam edýär.







