GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmen kompaniýasy nebitgaz pudagyny göz öňünde tutmak bilen sinklemek boýunça taslamasyny işe girizýär
06.05.2026

«Aýdyň Gijeler» türkmen kompaniýasy senagat, aýratyn-da sebitiň nebitgaz pudagy üçin strategik ähmiýete eýe bolan metaly gyzgyn sinklemek boýunça uly taslamany durmuşa geçirilmäge girişdi. Bu barada «Biznes Türkmenistan» internet neşiri kompaniýanyň üpjünçilik we satyn alyş bölüminiň ýolbaşçysy Ruslan Taşowa salgylanyp, habar berýär.

Gyzgyn sinklemek senagat we nebitgaz desgalarynda, şol sanda Hazar sebitiniň infrastrukturasynda ulanylýan metal gurluşlaryny we enjamlaryny poslamakdan goramak üçin giňden peýdalanylýar.

Onuň sözlerine görä, gyzgyn sinklemek ugrunda sebitiň iň iri kärhanalarynyň birine öwrüljek bu önümçilik desga şu ýylyň ahyryna çenli ulanmaga beriler. Täze önümçilik kärhanasy her aýda 2 müň tonnadan gowrak metaly gaýtadan işlemäge mümkinçilik berer.

Taslamanyň başlangyç maýa goýumlarynyň umumy möçberi takmynan 5 million ABŞ dollaryna barabar. Onuň durmuşa geçirilmegi häzirki wagtda işjeň tapgyrda dowam edýär.

Bu taslamadan başga-da, kompaniýa metallurgiýa ugrunda işini giňeltmegi meýilleşdirýär. Has takygy, geljekde doly gaýtadan işleme sikline eýe bolan poslamaýan polat önümçiligini ýola goýmak göz öňünde tutulýar. Bu önümler içerki bazara hem-de goňşy ýurtlara eksport üçin niýetlenendir.

Şeýle hem «Aýdyň Gijeler» nebitgaz pudagynda ulanmak üçin radioterminallaryň täze nesliniň önümçiligini ýola goýmak mümkinçiligini öwrenýär. Bu bolsa pudagyň tehnologik binýadyny güýçlendirmäge we senagat desgalarynda sanly gatnaşygyň derejesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.