GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Russiýada geçirilen halkara ýaryşda Türkmenistanyň adyndan ajaýyp çykyş etdiler
05.05.2026

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary Yslam Haýytmuhammedow we Halmyrat Myratgeldiýew Demirgazyk ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen 12-nji Halkara matematika bäsleşiginde (12th Northern Countries Universities Mathematical Competition NCUMC-2026) şahsy hasapda ikinji oruna mynasyp buldular.

Bäsleşik 26-28-nji aprel aralygynda Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherindäki Maglumat tehnologiýalar, mehanika we optika Milli barlag uniwersitetiniň başlangyjy bilen geçirildi.

Türkmen wekiliýetinden başga-da, bu abraýly bäsleşige Awstriýa Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Polşanyň, Sloweniýanyň, Italiýanyň, Ispaniýanyň, Germaniýanyň hem Fransiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.