«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde talyp gelin-gyzlaryň arasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäre prokuratura we hukuk goraýjy edaralaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagynda ýaşlaryň arasynda hukuk terbiýesini we jemgyýetçilik borçlaryny berjaý etmegini ýokarlandyrmak maksady bilen guraldy.
Çykyş edenler ýaşlara kanunlary we düzgünleri berjaý etmegiň diňe bir döwlet üçin däl, eýsem, her bir raýat üçin nähili möhümdigini düşündirdiler. Ýaşlaryň jogapkärçilik duýgusyny güýçlendirmäge ýardam berjek, olaryň öz hukuklaryny we jogapkärçiliklerini doly düşünip, bu düzgünleriň jemgyýetde has giňden kabul edilmegini üpjün etmegiň ähmiýeti bellenildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýaş nesliň hemmetaraplaýyn ösmegine we kämilleşmegine, döwrebap bilim almagyna döredip berýän ähli şertleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem-de hoşallyk sözlerini aýtdylar.







