«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň binasynda ders bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi. Oňa Balkan welaýatynyň çägindäki orta hünär okuw mekdepleriň talyplary gatnaşdylar. Has takygy, Balkan welaýatyndan «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi, Balkan lukmançylyk mekdebi, Balkan welaýat ýörite sungat mekdebi, Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi we «Türkmenistanyň deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň» Türkmenbaşy şäheriniň deňizçilik orta hünär okuw mekdeplerini talyplary gatnaşdylar.
«Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, bäsleşik ýöriteleşdirilen platformalar we göni wideoaragatnaşyk arkaly amala aşyryldy.
Çäräniň geçirilýän ýeri hökmünde bu okuw jaýynyň saýlanmagy bu bilim ojagynyň abraýynyň subutnamasydyr.
Bäsleşige gatnaşyjylar bilim ulgamynyň ösdürilmegi, ulgamyň işini döwrebap derejede guralmagy, oňa innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrmagy, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmagy üçin giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Türkmenistanyň Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny bir agyzdan aýtdylar.







