Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Ýeňiş güni mynasybetli Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň zehinli talyp ýigitleriniň arasynda geçirilýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri» atly döredijilik bäsleşiginiň uniwersitet tapgyry boldy.
Bäsleşik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de Tükmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde geçirildi.
Onuň birinji şerti boýunça talyp ýigitler özleriniň saýlap alan hünärleriniň jemgyýetdäki ornuny çeper okaýyş arkaly wasp etdiler. Ikinji şertde türkmen ýigidine mahsus edermenlik, mertlik, ruhubelentlik, adalatlylyk häsiýetlerini açyp görkezýän aýdymdyr sazlar, goşgudyr sahnalar ýerine ýetirildi. Şeýle hem bäsdeş ýigitler milli lybasda sahna bilelikde çykyp, olaryň her biri 60 sekundyň dowamynda gezekli-gezegine degişmeleri, şorta sözleri şowly ýerine ýetirdiler.
Emin agzalarynyň çözgüdine laýyklykda, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Mämmet Toýryýew bäsleşigiň uniwersitet tapgyrynyň ýeňijisi diýlip yglan edildi.







