2-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine geldi we bu ýerde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň maksatnamasy, gurulmagy meýilleşdirilýän we gurluşygy alnyp barylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Şeýle hem bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahaty geçirildi.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow hem-de Arkadag şäheriniň häkimi Gülşat Mämmedowa bilen bilelikde ýörite ulagda täze şäheriň metjidiniň çäkleri boýunça alnyp barylýan işleri synlady. Ýolugra bu ýerde alnyp barylýan işler, metjidiň girelgeleriniň we minaralarynyň binagärlik aýratynlyklary, gurluşyk işlerinde ulanylýan serişdeler we olaryň görnüşleri barada giňişleýin maglumat berildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri metjidiň gurluşygyna, onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna, aýratyn-da, metjidiň çäkleriniň arassaçylyk derejesine örän jogapkärçilikli we inçelik bilen çemeleşilmelidigini aýtdy.
Bu ýerde metjidiň esasy binasy bilen bir hatarda, onuň minaralarynyň we beýleki ugurdaş desgalaryň, girelgesiniň, metjidiň muzeýiniň gurluşyk işleri batly depginlerde dowam edýär. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň esasy binalarynyň biri bolan metjidiň gurluşygynda ulanylýan serişdeleriň berkligine, göze gelüwliligine zerur üns berilmelidir. Şunda amala aşyrylýan işleriň uzak geljege gönükdirilýändigini ünsden düşürmeli däldir.
Gahryman Arkadagymyz metjidiň girelgeleriniň biriniň ýanynda saklanyp, bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň derejesine we girelgäniň bezeg aýratynlyklaryna birnäçe belliklerini aýtdy. Bu ýerde adamlaryň amatly gelip-gitmekleri, girelgäniň, derwezesiniň abadanlaşdyrylyşy degişli binanyň ähmiýetine kybap gelmelidir. Munuň özi tutuş toplumyň binagärlik sazlaşygynyň emele gelmegini şertlendirer diýip, Türkmenistanyň at gazanan arhitektory türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy we bu babatda özüniň öwüt-ündewlerini berdi.
Gahryman Arkadagymyz ýoluny dowam edip, täze şäheriň ähli çäklerinde bolşy ýaly, metjidiň ýanynda we onuň howlusynda ekiljek bag nahallarynyň ylmy esasda seçilip alynmalydygyny, şeýlelikde, bu ýerde ýokary ekologiýa derejesiniň saklanmagy ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Bu ýerde oturdyljak bag nahallary we dörediljek gök zolaklar metjidiň keşbi bilen sazlaşmalydyr. Şol bir wagtyň özünde, metjidiň minaralarynyň gurluşyk aýratynlyklary we onuň daşynyň bezeg işleri, hem-de gümmezleriniň reňk sazlaşygy babatda ýurdumyzyň din wekilleri bilen maslahatlaşyp, olaryň pikirleriniň diňlenilmegi wajypdyr. Munuň özi metjidiň binalar toplumynyň bezeg işleriniň milli ýörelgelere we ykrar edilen kadalara laýyk bolmagyny üpjün eder.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, ähli ugurlarda bolşy ýaly, Arkadag şäheriniň gurluşygynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmalydygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz metjidiň gurluşygynda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we meýilleşdirilen işleriň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, täze şäherde durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmeler Arkadag şäheriniň gözelligine gözellik goşmalydyr we bu işler şäher ilatynyň bagtyýar durmuşynyň berkarar bolmagyny üpjün etmelidir diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy belledi we bu babatda özüniň degerli maslahatlaryny berdi.
Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri gurluşyk we bezeg işleri sazlaşykly alnyp barylýan täze metjidiň esasy girelgesiniň ýanynda saklandy.
Metjidiň esasy girelgesiniň gurluşygyna bolşy ýaly, onuň abadanlaşdyrylyşyna we bezeg işlerine inçelik bilen çemeleşilmelidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleriň uzak geljegi nazarlamalydygyny, olaryň geljek nesiller üçin nusgalyk mekdebe öwrülmelidigini belledi we bu babatda özüniň birnäçe maslahatlaryny berdi.
Şeýle-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy metjidiň çäginde gurluşygy batly depginlerde alnyp barylýan Muzeýiň daşky bezeg işleri bilen tanyşdy.
Gahryman Arkadagymyz muzeýiň daşky bezeg işlerinde ýerleşdirilen özboluşly şekilleri synlap, bu babatda täze şäheriň ýolbaşçylary bilen özüniň pikirlerini paýlaşdy. Bu muzeý metjidiň beýleki binalarynyň üstüni ýetirjek özboluşly desga boljakdygyny belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri onuň gurluşygynyň depginleriniň güýçlendirilmelidigini we beýleki gurulýan desgalar bilen bir hatarda gurluşygynyň öz wagtynda tamamlanmalydygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow häzirki wagtda muzeý binasynyň gurluşygynyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny aýtdy. Şeýle hem ol bu ýerde il-halkymyzyň ykbaly bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan Gahryman Arkadagymyzyň manyly ömür we zähmet ýoluna degişli gymmatlyklary, şol sanda köp ýyllaryň dowamynda berlen birnäçe döwlet we halkara sylaglary, fotosuratlary, Milli Liderimiziň ýiti zehininden çykan eserleri ýerleşdirmegiň meýilleşdirilýändigini belläp, bu barada özüniň nesihatlaryny bermegini Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu mesele boýunça Ministrler Kabinetine ýüzlenseňiz maksadalaýyk bolar diýip belledi.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilen işler barada maglumat berýän şekil taslamalary bilen tanyşdy.
Bu ýerde Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulýan desgalaryň bezeg işlerine we durmuş maksatly binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyna, şäher seýilgähiniň çäklerinde ýerleşdiriljek şekilleriň görnüşlerine, halkara çärelerini geçirmek üçin niýetlenen binalaryň gurluşygyna we bezeg işlerine degişli taslamalar we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow täze şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň taýýarlanylan şekil taslamalary barada giňişleýin maglumat berdi.
Türkmenistanyň az gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow görkezilýän taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalaryň her biriniň özboluşly bezeg aýratynlyklary bolmalydyr. Şunda döwrebaplyk, amatlylyk reňkleriň sazlaşygy bilen utgaşmalydyr.
Bu işlerde her bir gurulýan desganyň binýadynyň berkden tutulmalydygyny, gurluşygyna iňňän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini, iň esasy hil babatda-da, dünýä ülňülerine laýyklykda-da ýokary görkezijilere kybap gelmelidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz, aýratyn-da, täze şäheriň birinji tapgyrynda bolşy ýaly, ikinji tapgyrynda hem sanlylaşdyrmak meselesine aýratyn ünsi çekdi.
Soňra Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi Gülşat Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynda Derýageldi Orazow ilki bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Gahryman Arkadagymyzyň ýakyndan goldaw bermeginde, Arkadag şäheriniň wekiliýetiniň Baku şäherinde Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümeti tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Ilatly nokatlar boýunça Maksatnamasy (UN-Habitat) bilen bilelikde geçiriljek Şäherleriň Bütindünýä Forumynyň 13-nji mejlisine gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk bildirdi. .
Baku şäherinde geçiriljek Şäherleriň Bütindünýä Forumynda Arkadag şäheriniň ýeten derejesiniň, «akylly» şäheriň mynasyp bolan halkara güwänamalarynyň ähmiýetiniň degişli derejede beýan edilmelidigini aýdyp, Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň gurluşygynda ulanylan täzeçil tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň halkara giňişliginde möhüm orna mynasyp bolmagyny üpjün etjekdigine ünsi çekdi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy häzirki döwürde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan gurluşyk işleri, olaryň depginlerini ýokarlandyrmak ugrunda degişli düzümler bilen bilelikde edilýän işler barada maglumat berdi.
Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işleriň depginlerini güýçlendirmegiň, gurluşyklarda ýokary hil derejesini üpjün etmegiň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ugurda ýerine ýetirilýän işleri ýokary derejede guramak we alyp barmak babatda degişli işleriň yzygiderli geçirilmelidigini aýtdy.
Soňra iş maslahatynda Arkadag şäheriniň häkimi Gülşat Mämmedowa täze şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynda 7368 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň bina edilendigi, ikinji tapgyrda bolsa 4284 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň, şol bir wagtyň özünde beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň, orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurluşyklarynyň meýilleşdirilendigi barada giňişleýin maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýaşaýyş jaýlary häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede enjamlaşdyrylýar, olarda amatly ýaşamak, göwnejaý dynç almak üçin ähli zerur şertler üpjün edilýär. Şol bir wagtyň özünde, ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy we abadanlaşdyrylyşy şäher ilatynyň isleglerine doly gabat gelýär. Şeýle hem Arkadag şäheriniň açylan pursatyndan bäri, sanly ýyllaryň içinde bu ýerde bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi täze jaýlara göçüp geldiler. Müňlerçe iş orunlary döredildi.
Gahryman Arkadagymyz ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işlerini dowam etmek we täze şäheriň bilim ojaklarynyň işini döwrebap guramak, şeýle hem bilim alýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, birnäçe talyp haklaryny girizmek meselelerine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi we bu babatda özüniň degerli maslahatlaryny berdi.
Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi bu ýerde ýurdumyzda giňden belleniljek şanly seneleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününi, Türkmen halysynyň baýramyny dabaralandyrmaga görülýän taýýarlyk hem-de şanly seneleriň guramaçylykly geçirilmegini baş maksat edinýän baýramçylyk meýilnamalary barada maglumat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly seneleriň hormatyna guralýan baýramçylyk dabaralaryny guramaçylykly geçirmek, olara ilat köpçüliginiň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek babatda degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmalydygyny belledi. Guraljak dabaralarda halkymyzyň bagtyýar durmuşy, milli gymmatlyklarymyza bolan ählihalk söýgüsi we ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça ýeten derejesi öz beýanyny tapmalydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ähli meýilleşdirilen işleri ýokary derejede ýerine ýetirmekde we baýramçylyk çärelerini dabaralandyrmakda hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.







