Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 2-nji maýda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «SN-600» kysymly başlangyç ýagyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Gruziýanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserni bilen «SN-600» we «SN-180» kysymly başlangyç ýaglaryny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 2-nji maýda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda nah ýüplügi we pagta ýagynyň çökündisiniň ýagly turşulygy ýerlenildi.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 3 666 008,00 ABŞ dollaryna deň bolan 11 geleşik baglaşyldy.







