Geçen hepde Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Içerki we daşarky bazarlarda «SN-600» kysymly başlangyç ýagyny satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy. Daşarky bazarda ony Gruziýanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewür toparlarynyň wekilleri satyn aldylar.
Şeýle hem geçen hepde birža söwdalarynda «SN-180» kysymly başlangyç ýagy ýerlenildi.
Nebit önümlerinden başga-da, geçen hepde Türkmenistanyň haryt-çig mal biržasynda geçirilen birža söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda çig ýüpegi, dokma önümlerini, nah ýüplügini, pagta süýümini, nah çig matany we pagta ýagynyň çökündisiniň ýagly turşulygyny satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.







