GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň ilkinji dört aýynda ýurduň sosial-ykdysady ösüşiniň jemlerini jemledi
02.05.2026

1-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dört aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, şu döwürde raýatlaryň hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek, buhgalterçilik hasaba alnyşyny we maliýe hasabatlylygyny kämilleşdirmek, işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlary döwrebaplaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Çad Respublikasynyň, Indoneziýa Respublikasynyň, Argentina Respublikasynyň, Müsür Arap Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçilerinden ynanç hatlary kabul edildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň bilelikde guramagynda gender deňligini ilerletmek we onuň kanunçylyk esaslaryny berkitmek boýunça parlamentara maslahat geçirildi. Zenanlaryň jemgyýetdäki orny, ýurdumyzyň bu ugurda gazananlaryny paýlaşmak, kanun çykaryjylyk, parlament işinde tejribe alyşmak maksady bilen, Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde guralan Merkezi Aziýa döwletleriniň zenan ýolbaşçylarynyň dialogy, Mejlisiň we Pakistan Yslam Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň zenan parlamentarileriniň, Türkmenistanyň Mejlisinde we Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynda ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň arasynda sanly ulgam arkaly duşuşyklar geçirildi. Mundan başga-da, Mejlisiň wekilleri Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilen Parlamentara Birleşigiň 152-nji Assambleýasyna we onuň çäklerinde guralan forumlara gatnaşdylar.

Mejlisde dünýä döwletleriniň parlamentleriniň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça duşuşyklaryň 13-si geçirildi. Mejlisiň deputatlary we hünärmenleri halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw maslahatlarynyň 37-sine gatnaşdylar. Halkara tejribeleri öwrenmek üçin deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 7-si amala aşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, kabul edilen maksatnamalary üstünlikli amala aşyrmaga gönükdirilen kanunlary döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigine ünsi çekdi.

Soňra gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary hasabat berdiler.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňledi we Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, geçen dört aýda alnyp barlan işleriň gowy netijeleri görkezendigini, ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda özgertmeleriň netijeli alnyp barylýandygyny, önümçilik pudaklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny aýtdy. Türkmenistanyň Prezidenti hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim derejede durnukly saklanyp gelýändigini kanagatlanma bilen belledi. “Ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň hem-de beýleki desgalaryň gurluşygynyň dowam edýändigini bellemek gerek” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, ykdysadyýetimiziň pudaklaryny mundan beýläk-de ösdürmegi dowam etdirmegi, bu işleriň ýerine ýetirilişini hemişe berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.