Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda 1-nji maýda geçirilen birža söwdalarynda daşarky bazarda «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümlerini satyn almak boýunça geleşikler baglaşyldy.
Birleşen Arap Emirlikleriniň (BAE) işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserninden «SN-600» kysymly başlangyç ýagyny satyn almak boýunça geleşikleri baglaşdylar.
Türkiýe Respublikasynyň telekeçileri türkmen işewürlerinden nah çig matany satyn aldylar.
Söwdalaşyklaryň barşynda jemi 419 118,42 ABŞ dollaryna deň bolan 2 geleşik baglaşyldy.







