Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde süýji tagamlary taýýarlamak boýunça «Süýji sungat» atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşik Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy we 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýip atlandyrylmagy mynasybetli guraldy.
Oňa ýokary okuw mekdebiniň ähli fakultetleriniň ýygyndy toparlary gatnaşdy. Bäsleşik — «Ylham we gözellik» we «Tagam we ussatlyk» atly iki tapgyrdan ybarat bolup, olarda gatnaşyjylar süýjülikleri taýýarlamak bilen bir hatarda, saçagyň çeper bezegini ýerine ýetirmekde hem öz başarnyklaryny görkezdiler.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymlaryndan düzülen bäsleşigiň eminler topary süýji tagamlaryň daşky keşbine, tagamyna we olaryň hödürlenişiniň özboluşlylygyna baha berdi. Şunda konditer önümleriniň tanyşdyrylyşy we olaryň bezeginde milli öwüşginleriň ulanylmagy hem göz öňünde tutuldy. Birinji orny «Balkan» topary, ikinji orny «Himiýa» topary, üçünji orny bolsa «Nebitgaz» topary eýeledi.
Birnäçe gatnaşyjylar «Süýjüligiň iň gowy bezegi», «Milli däplere wepalylyk» we «Ýokary aşpezlik ussatlygy» ýaly ýörite ugurlar boýunça hem sylaglandylar.
Ýeňijilere Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Bäsleşik talyp gyzlaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmaga, milli aşpezlik mirasyny wagyz etmäge we maşgala däpleriniň dowamatlylygyny üpjün etmäge gönükdirildi.







